- bogulmak
- işlik1) Daňylmak, baglanmak.2) Demiň tutulmak, sesiň gyryljyk bolmak, gyrylmak.∙ Ol özüniň boglan ýaly gyryk sesi bilen: -- Gürrüň näme hakynda gidýär -- diýip sorady. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)3) Bokurdakdan alnyp gysylmak, dem almagyň kynlaşmak.∙ Ýüregime galyp bolan bir küýi bir zarbada daşyma çykarmasam, boglan pişik ýaly dyrjalap meniň iç goşamy gan öýdürýä ahyry. («Sowet edebiýaty» žurnaly)4) Erk-ygtyýaryň çäklendirilmek gysylmak.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar.Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.Meselem bogulmak - boglar, boglupdyr.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.